Site hosted by Angelfire.com: Build your free website today!


turkmen
Turkmenin altyn asyry

bash.gif (720 bytes)
Bu gunimiz bileli
Taryhymyzy owreneli
Dinimizi berjay edeli
Dynhc alaly



dost islesen
gk.gif (1013 bytes)

.

Dost islesen`

Ylyas AMANGELDI

Bu dunyede ko`pler azashyar. Menem ko`pun biri... Azashdym, hatalarym gara tupan bolup dunya`mi tutdy. Depa`mden gum do`kulya`rmi, ayagymyn astyndan cha`ge sowrulyar bile bilmedim. To`hmetmidi, yazykmydy, ya bahylyn nazary anshyra bilmedim. Ho beylede chala go`runya`n atam elinda`ki hasasyny galgadyp dunya`mi yagtyltmaga yhlas edya`r. Hasasy hich zada ilma`n asmanu-zemini tutan gara tozanyn ichinden bosh gechya`r. Enemin pyganyna yuregimde ilkinji sanjyny syzdym. Chagalaryny penalayan enelerinin howsalaly go`zleri elek-chelek...

Go`rsene muny harasadyn ichinde hich zat saygartmayarka, dogan-gardashlarymy, hemem o`zum yaly tupana galanlary yanlarynda yaly go`rup durun. O birinin ustune yagan gumdan yana garagy gapylypdyr. O biri ayak ustunde durup bilma`n bir yykylyar, bir galyar. Yykylsa go`muljek. Gayrat etmeli, ayak ustunde saklanmaly. Go`rsene apy-tupana galan na`che - yuzlreche, munlerche. Jahanyn arassa asmanly, asuda eri bir galdymyka? Bu ne bela, bu ne harasat...

Aljyramaly da`l. Penalara-da hich zat yok. Ne o`y go`runya`r, ne uchek. Yanymdaky dogan garyndashlaryma dayanjak bolyan. Emma aramyzda ayna perde goyulan yaly. Elim anyrysy go`rnup duran sowuk diwara degya`r. Belki ba`sh a`dim beyla`mde yol bardyr meni tupandan alyp chykjak? Yo`ne haysy tarapda, chepimdemi, sagymdamy? Ters aylanyan. Ahyry dushundim yol go`zla`ninden peyda yok. Yol-yodadan o`nurti dost-dushmany saygarmaga chalyshmaly. Biri elimden cheken yaly boldy, birisi yzymdan aslyshdy. Dushunmedim, elimden cheken gorpa chekdimi, yzymdan aslyshan gorpa gachmadan halas etdimi? Dushunmedim. O`zumi ashak goyberip sessiz oturdym. Indi go`pup otursam ilkinji dogry hereketimi shonda eden ekenim. “Yol bilmeya`nin yzyna dushenden duran yerinde duranyn has beter azashmazlygyn uchin ba`hbitlidir”1 dien dana so`zi son eshitdim.

Bu apy-tupanda dost-dushman - ikisi birden saygartmaz, ilki dostumy go`zla`yin diydim. “Dost sana na`me etsin? Olam o`zun yaly gidere ugur tapman durandyr-da.” Bu anyk, dushman sesidi. Yeke galanymdan gowy. Dostdan mana ko`mek yok bolsa, belki menden ona hemayat eter. So`yenshen yykylmandyr. Ey dost, nirede sen? Uzat ellerini. Barmagym barmagyna degse tanaryn. Esasy zat sen menden howp etme... Hich kimin barmagyna da`l dyrnagyna-da galatashyp bilmedim.

“Ha-ha-ha! So`yenshesin gelya`rmi? Hemayat etmek yadyna dushdumi? Ozal, tupandan o`n na`me ishledin, beyle hemayatchyl bolsan? Gol uzadana gol uzatmak bu chuypuk dunyede adat ahyryn.”

Bu yene-de senmin, ejize dushman. keseden pitjin atyarmyn? Shu gun sesini eshitsem, ertir go`rerin. Shonda aman syparyn o`ytmegin. Onsanam sag bol dunya`n chuyrukdigini aydanyn uchin. Ona ozal ters dushunya`rdim. Biri-birine ko`mek etjek bolmaly da`l. O`zuni bilmeli, gunun gecherini bilmeli. So`yenishmek bidereklik. Chunki dunya` chuyruk diyerdim. Emma chuyruk salyn ustunde so`yenishma`n na`dip saklanjak? Bir-birege gol bermedikleri batga eke-eke yuwutmazmy? Men taparyn, dayanjagymy taparyn. Gol berjegimi taparyn, dostumy taparyn, taparyn...

Birdenem... tapdym!

“Dost islesen Alla yeter. Chunki Allahyn dostuna a`hli barlyk dostdur.” Tupan shobada yatyshdy. Allany unutdyrmagyn tupany eken o tupan. Mesjidi yykylan yurdun tupany eken o tupan. Orazasyz galan remezanlaryn hasraty eken ol harasat. Gum-cha`ga`nin orny yerde, yere-de sindiler. Yagmyr geldi. Yagysha galsam ozallar ezilerdim, bu gezek yuwuldym. Jayryk-jayryk dodaklarym nemlendi. Depa`mden daman damja yuregime gurbat-gan bolup damdy. Essime geldim. Gyssandym, ysgyna geldim. Emma shemalyn chala bady uytgese-de to`weregime howsalaly garanjakladym. Bu gelen asudalygyn asyl manysyna dushunmeya`rdim. Tozan-tuweleyden nam-nyshan galman, yagan yagmyra to`werekler gulzarlyga o`wrulip baryanam bolsa yuregim ynjalyk tapmayardy. Gayta, hayran galaymaly bu asudalyk meni harasatdanam beter gorkuzyardy. Dostumdan gorkyardym. Ters yoly salgy berya`n, go`runma`n pitjin atyan sheytanyn sesi barha guyjeya`rdi. Yapyshara dayanch go`zledim. Sheyle gulzarlygyn ichinde elime gury cho`p ildi. Howsala has beter gaplady kalbymy. Chunki gyssananda Onun o`zunden bashga yapyshan zadyn gury cho`pche-de bolmajagyny bilmeya`rdim. Mana bu zatlary dushundirere yaran gerekdi.

“Yaran islesen Kuran yeter. Chunki ondaky pygamberler, perishdeler bilen hyyalynda go`ruship, olaryn bashdan gechirenlerinden netije chykararsyn”

Men indi eke da`ldim. Bakyshym ta`zelenip, payhasym durlandy. Ol buyuryardy, men parzymy berjay edya`rdim. Onun gadaganlyklary erde uchutlardan, suwda girdapdan sowyardy. Yoluma nurdy, go`zlerime ro`wshen. Indi men halaly harama gatmayardym, batmayardym unji-aladalar layyna. Yedi menzil beyla`mde sheytan o`z no`kerleri bilen na`tjegini bilma`n yalny?aryma garashyp durdy. Emma men yalnyshlardan dashdadym. Chunki dostum Allah, yaranym Kuran, yoldashym nietim-pa`limdi. Onsan men nenen yalnyshyp bilerin?

Rugsatlary yoluma gul kibi do`kulen aljak alkyshlarymdy, go`kde ucharsyz uchuran hayyr-sahawatymdy. Yolum pany dunya`n yyllaryn, ellerin astyna dushup kesege do`njek ko`shki eywanyna da`l, baky jennete alyp baryan sogaplarymdy. Onsan men nenen Onun rugsat edenlerini o`zume yo`relge edinma`yin?

Menin dushunendigime dushunen Atam rahatlanyp hasasyny bir yana goyupdyr. Ichimden Guneshin sho`hlesi enelerin shukuridir diydim. Chunki dan agaranda ilki Alla bilen dushushmak uchin hemmeden o`n namaza turyan enemdi. Guneshem ondan son serederdi penjira`mden.

Indi sesi gelip o`zi go`runmeya`n dushmanymyn kimdigini bileyin diydim. Bilimde guych, dyzymda ragwat bar. Dostuny tapan dushmanyndan heder etmez. Ynsanyn gayraty kalbyndadyr, kalbynyn gayraty imanynda. Go`renime dushmanymmyka diydirya`n, sunkume eten munkurligem yulugimi soryar. Dushmanymy tanara kuwwat ber, ey Dostum - Allam!

“Dushman islesen nebsin yeter...”

Wah go`r sen kim ekenin, wah go`r sen na`me ekenin, wah go`r sen nirede ekenin! Men sana o`zumdesin o`ytma`ndirin. O`yumde gonshymsyn o`ytdum, ishimde ishdeshimsin diydim. Sen bolsa damaryma ishilip, yuregime saralan nebsim ekenin. Tupan senden eken, toz senden eken. ka`kilik dey sayradyp, albay bulan sen ekenin. ko`kumi erden soguryp, mereteba`mi ere sokan sen ekenin. Denimi tanatdyrmadyk, ha`sietimi daratdyrmadyk, shahamy payasyz goyan, zehinim yryasy bolan sen ekenin. Seni tanadana yuz mun shukur. Garalyga akdyr garshy, yalana hakdyr garshy, hile-ala ygrar garshy, dushmana dostdur garshy. Tanalan erine gelmersin, bilya`n. Go`rulen erinde go`runmersin. Imanyma dayanyandygym uchin sen meni yenmersin. Zekadym bagryny paralar, orazam yarar do`shuni. Her namazym bogun-bogun so`ker seni.

Emma bilya`rin, bilya`rin senin na` derejeda`ki dushmandygyny. Howpum o`zum bilen. Seni so`kmek uchin o`zum so`kulmeli. Damarymda ganymyn akymyny kynlashdyran lagta bolsanam ganymdasyn sen. Seni yenendigimin baydagy guburyma dikilen agachlara danylan kepenimden galan bagjyklar bolar, kim bilya`r?! Arman ol menin yenishim bolmaz, yo`ne senem yenmersin, nebsim. Mal-baylyk bilen aldamarsyn.

“Mal-baylyk islesen kanagat yeter. Chunki kanagatly adam da`njiremez. Da`njiremedige-de bereket geler.” Berekdin kanagtdadygyna akylym etdi. Yolumy saygardan Allaha shukur. Danalar o`wretdiler: “Yaradylanlary Yaradana hormat bilip so`y”2 Baharda meydanlaryn al-yashyl burenip ekmedik gullerimizinem go`wnumizi go`terishini go`rup yaz paslyndan minnetdar bolmayarysmy? Onsan do`rt pasly dashymyzdan aylap, ichinde birini bahar, birini tomus, birini guyz, birini gysh edip yaradany uchin Yaradany so`ymerismi? Eger Ony so`ymesen oglum diyip so`enin o`zune dushman bolsa, gyzym diyip guwananyn yuzini ere salsa, malym-baylyk diyip gijeler yatman toplanyn bashyna bela bolsa gen go`rme. Dostuny dost bil, yaranyny yaran bil, nieti pa`lini duz tut, bas gedemligini, nebsini saygyla, sheytany kow. Yogsa, eger Ondan buyruk bolmasa “Cheyneginin belki gumandyr, begler”3

“Nesihat islesen o`lum yeter. Chunki o`lume dushunen yalanchy dunya`nin toruna dushmez we ahyretini gazanmak uchin yhlas eder.”

Yadyma dushya`r tupandakam men ondan gorkupdym,

“O`lum perde anyrsyndan habar,

O`lum erbet bolanda o`lermidi pygamber”4 diyip heniz eshitma`ndim. O`lsem go`rjegim gutardy diyip yashymy sanapdym. Guna`lerimi sanamandym. Yalanchy lezzetden galjagymy bilya`rdim, sogap gazanmakdan galjagymy bilmeya`rdim. Tenimin chuyrejegini bilya`rdim, ruhumyn go`teriljeginden habarym yokdy. Shonun uchin ol mana nesihat da`ldi. Ol mana gutaryshdy, sahnanyn yapylmagydy. Bilmeya`rdim, sahnada o`len aktyorlaryn perde yapylandan son yashamagyn pany da`l, hakyky, baky go`rnushine gaydyp geljekdiklerini, bilmeya`rdim. Chunki men bu oyny Goyyjynyn bardygyndan, Onun synagdan gechirya`ndiginden men habarsyzdym. Ony bilenimde men hey yalanchy dunya`nin toruna dushermidim, ahyretimi gazanmalydygymy bilmezmidim.

Tupanda galypdym, Dash-to`werek garankylykdy. Garankyda bolsa dine garankylyk saygardyar. Go`r nicheler shindem tupan ichinde. Depelerinden toprak yagyp, ayaklarynyn astyndan go`terilen tuweley dik asmana galyar. Sowuk ayna diwaryn anyrsyndan mana garap hayran galyarlar. “Sen yanam bizin aramyzdadyn ahyryn. Na`dip halas boldun? Ya bizi gara basyp, go`zumize go`runya`rmin?” Men janygyp, esasy bilmeli zatlary aytmaga howlkyan. Hem bogazyma sygdygymdan gygyryaryn:

“Dost islesen Allah yeter. Chunki Allaha dost bolana hemme barlyk dostdur.

Yaran islesen Kuran yeter. Chunki ondaky pygamberler we melekler bilen hyyalynda go`ruship bilersin we olaryn bashdan gechirenlerini go`rup netije chykararsyn.

Mal-baylyk islesen kanagat yeter. Chunki kanagatly adam zadyny isrip etmez. Isrip etmeya`nlere bolsa bereket geler.

Dushman islesen nebsin yeter. Chunki o`zunden hoshal bela uchrar, go`rgi go`rer, pa`li pesler sapada gezer we rahmet go`rer.

Nesihat islesen o`lum yeter. Chunki o`lume dushunen yalanchy dunya`nin toruna dushmez we ahyretini gazanmak uchin yhlas eder.”5

Olar meni eshitdilermi, eshitmedilermi, eshidenlerine ynandylarmy, ynanmadylarmy bilmedim.

1 - Fetullah Gulen
2 - Yunus Emre
3 - Magtymguly Pyragy
4 - Nejip Fazyl
5 - Sayit Nursy Beduizzaman